Sepleriň elýeterliligi

Kompozitor Daňatar Öwezow 100 ýaşady


Daňatar Öwezow (1911-1966)

Daňatar Öwezow (1911-1966)

Türkmenistanyň professional saz sungatynyň düýbüni tutujylardan biri Daňatar Öwezowyň doglan gününe 100 ýyl boldy.

1911-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda dünýä inip, 1966-njy ýylyň 5-njy maýynda aradan çykan Daňatar Öwezowyň ömür ýoly gysga hem sada. Ol Daşkendiň pedagogik tehnikumyny tamamlap, birnäçe ýyl mugallymçylyk edýär. 1939-njy ýylda-da sungat älemine gelýär. Leningradda hem Moskwada okaýar. Köp ýyllap Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynda dirižorlyk edýär.

Öz döwrüniň sowatly adamy bolan Daňatar Öwezow täze professional saz sungatyň düýbüni tutujylardan biri boldy. 1944-nji ýylda Adrian Şapoşnikow bilen “Şasenem we Garyp”, onuň yz ýany Ýuliý Meýtus bilen “Leýli we Mežnun” operalaryny döretdi. Ol eserler biziň saz medeniýetimizde örän uly waka boldy we milli saz bilen professional sungaty utgaşdyrdy.

"Şasenem we Garyp" operasyndan
Daňatar Öwezow häzirki zaman temasyndan Gara Seýitliýewiň we Güseýin Muhtarowyň librettosy esasynda “Aýna” operasyny döretdi. “Aýna” uzak wagtlap Opera we balet teatrynyň sahnasyndan düşmedi. “Şasenem we Garyp” bilen “Leýli we Mejnun” barada aýdylanda, tä prezident S.Nyýazow Opera we balet teatryny ýapýança, olar teatryň sahnasynda mydama goýuldy. Teatr her ýylky täze möwsümini “Şasenem we Garyp” bilen açyp geldi.

Häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan opera sungatyna ikinji gezek ýol açylanda hem ilki bilen “Şasenem we Garyp” operasy, soňra bolsa “Leýli we Mejnun” sahna çykaryldy. Şeýdip, ilkinji dikeldilen operalar Daňatar Öwezowyň döreden eserleri boldy.

1955-njy ýylda Moskwada Türkmensitanyň Edebiýat we sungat 10 günlügi geçirilende, dünýä belli Uly teatryň sahnasynda “Şasenem we Garyp” görkezilipdi. Şonda opera hut Daňatar Öwezowyň özi dirižorlyk edipdi.

Hudaýberdi Hally Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy.
XS
SM
MD
LG