Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen separatisti Umarowyň gözlegi dowam edýär


Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow çeçen separatistleriniň lideri Doku Umarowyň ölen bolmagynyň mümkindigi barada metbugatda peýda bolan informasiýalary kommentirläp, onuň gözleginiň dowam edýändigini aýtdy.

Kadyrow Umarowyň ölümi barada ýuridik subutnamanyň ýokdugyny belledi.

Umarow terrorizmde, garakçylykda, adam öldürmekde we adam ogurlamakda aýyplanyp, oňa federal gözleg yglan edilipdi.

Umarow 2009-njy ýylyň noýabrynda “Newskiý ekspress” otlusynyň partladylmagynynyň, 2010-njy ýylyň martynda Moskwa metrosynda bolan teraktyň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy.
XS
SM
MD
LG