Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň ilçisi Siriýanyň paýtagtyna geldi


Köp ýyllyk arakesmeden soň ABŞ-nyň ilçisi Robert Ford düýn Siriýanyň paýtagtyna geldi.

2006-nji ýylda goňşy Liwanda parlamentiň deputaty we öňki premýer-ministr Rafik Hariri öldürilenden soň, ABŞ-nyň ilçisi Damaskdan yzyna çagyrylypdy.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama wezipä geçen badyna Waşingtona opponent bolýan ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny aýdypdy.

Ford geçen ýylyň fewral aýynda Siriýa ilçi bellenipdi.
XS
SM
MD
LG