Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda täze teleserial surata düşüriler


Pakistanda ýurduň goşunynyň talyplara garşy göreşi barada teleserial surata düşüriler.

Senariniň awtorlarynyň biri Saýýad Sajiniň beren habaryna görä, bu filmi Pakistanyň Goranmak ministrligi maliýeleşdirer.

Filmiň maksady pakistan esgerleriniň edermenligini we islendik jebire döz gelşini ýönekeý adamlara görkezmekden ybaratdyr. Film hakyky wakalara esaslanar diýlip garaşylýar.

Surata düşüriş işleri bölekleýin, Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda - Swat jülgesinde geçiriler. Bu ýerde ýakynda talyplar we “Al-Kaýdanyň” söweşijileri bilen çaknyşyklar bolupdy.
XS
SM
MD
LG