Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Gabriel Giffordsyň ýagdaýy gowulaşýar


Amerikan Kongresiniň agzasy Gabriel Giffordsyň ýagdaýy gowulaşýar. Ol Arizona ştatynda saýlawçylary bilen duşuşyk geçirip duran wagty kellesinden agyr ýaralanypdy. Indi ol emeli dem berýän apparatdan aýryldy, demi özbaşdak alýar.

Öň lukmanlar onuň ýagdaýyny aşa agyr diýip atlandyrýardylar.

8-nji ýanwarda bolan oka tutuşlykda 6 adam ölüp, 13-si ýaralanypdy.

Oka tutan 22 ýaşly Jered Li Lafnere adam öldürmekde hem Kongresiň deputatynyň janyna kast etmäge synanyşykda günä bildirildi.
XS
SM
MD
LG