Sepleriň elýeterliligi

Liwanda hökümet düzmek barada gepleşikler başlanar


Liwanyň “Hizbullah” şaýy topary Liwanyň täze hökümetini düzmekde Saad Hiririni goldamaz diýip, öten agşam “Hizbullahyň” lideri Hasan Nasrulla aýtdy.

Täze hökümet düzmek baradaky gepleşikler şu gün başlanar.

Geçen hepde “Hizbullah” hökümet krizisini döretdi. Şonda bu topar häzirki hökümet başlygynyň kakasy, öňki premýer-ministr Rafik Haririniň öldürilmegi boýunça BMG-niň halkara tribunalynyň netijeleri bilen ylalaşmazlyga hökümeti çagyrdy. Dokumentde şol jenaýata “Hizbullahyň” gatnaşygy barada aýdylýardy.

Düýnki çykyşynda “Hizbullahyň” lideri Hasan Nasrulla öňki premýer-ministr Rafik Haririniň ölüminde ýene-de Ysraýyly aýyplady.
XS
SM
MD
LG