Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaitiniň öňki diktatory watanyna gaýdyp geldi


Gaitiniň “Bebi Dok” lakamly öňki diktatory Žan Klod Dýuwalýe 25 ýyldan soň watanyna gaýdyp geldi. Onuň ýurda dolanmagynyň sebäbi häzirlikçe belli däl.

Öňki diktator Gaitide ençeme syýasatçy tarapyndan dawa edilýän prezident saýlawlaryndan soň, syýasy krizisiň çuňlaşan döwründe ýurda dolandy.

Žan Klod Dýuwalýe 1971-1986-njy ýyllar aralygynda Gaitini dolandyrdy. Ol häkimiýeti öz kakasyndan miras alypdy we dünýäde iň ýaş prezident bolupdy.

Ol wezipä geçende 20 ýaşam dolmandy. Soň ol häkimiýetden çetleşdirildi hem Fransiýa gitdi.

“Bebi Doka” korrupsiýada we adam hukuklaryny bozmakda köp sanly günä bildirilipdi.
XS
SM
MD
LG