Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň prezidenti Birleşen Ştatlara sapar eder


HHR-niň başlygy Hu Jintao ABŞ bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny, ýöne prezident Barak Obama bilen gepleşikleriň ýeňil bolmajakdygyny aýtdy.

“Washington Post” we “Wall Street Journal” gazetleriniň soraglaryna beren jogabynda hytaý lideri “sowuk uruş” döwrüniň pikir ýöretmelerinden düýpli el çekmäge çagyrdy.

Ol ençeme meselede, hususan-da, ýörite peseldilen diýip, Waşington tarapyndan hasap edilýän ýuanynyň kursy meselesinde Pekiniň eglişik etmejekdigini aýtdy.

Hu Jintaonyň ABŞ-a sapary 18-nji ýanwarda başlanýar.
XS
SM
MD
LG