Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň oppozisiýasy prezidentlige öz kandidatyny hödürlär


“Eden-etdiliksiz we korrupsiýasyz Orsýet ugrunda” atly oppozision koalisiýa Orsýetde 2012-nji ýylda boljak prezident saýlawlaryna ýeke-täk kandidaty şu ýyl tomus hödürlemekçi. Bu barasynda düýn “Eho Moskwy” radiosyna beren interwýusynda koalisiýanyň egindeş başlygy Boris Nemsow aýtdy.

Nemsowyň sözlerine görä, ýeke-täk kandidatyň saýlawlarynda ýeňlen dalaşgärler ýeňijiniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky komandasyna goşular.

Şenbe güni Nemsow beýleki oppozision syýasatçylar bilen bilelikde azatlyga çykdy. Olar 15 gije-gündizlik administratiw tussaglykda boldular.

Bazar güni Moskwanyň merkezinde oppozision aktiwistleriň tussag edilmegine garşy rugsat berlen aksiýa geçirildi.
XS
SM
MD
LG