Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ýewropa Parlamenti Belarusdaky ýagdaýa sereder


Şu gün Brýusselde açylýan Ýewroparlamentiň maslahatynda Belarusdaky ýagdaýa serediler.

Ýewroparlamentiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, deputatlar resmi Minskiniň garşysyna sanksiýa girizmek meselesini maslahatlaşar. Hususan-da, belarus ýolbaşçylarynyň ÝB ýurtlaryna gelmegini gadagan etmek, olaryň daşary ýurtlardaky hasaplaryny doňdurmak ýaly meseleler barasynda gürrüň ediler.

Şeýle-de Belarusdaky ýagdaý barasynda ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katrin Aştonyň ýörite beýannama bilen çykyş etmegine garaşylýar.

Geçen ýylyň 19-njy dekabrynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryna, saýlawlardan soň Minskide oppozisiýanyň mitinglerini häkimiýetleriň dargatmagyna ÝB-de tankydy baha berildi.

Häzir köpçülikleýin bidüzgünçilikler boýunça 25 adamyň üstünden iş gozgaldy, olaryň dördüsi prezidentlige dalaş eden kandidatlardyr.
XS
SM
MD
LG