Sepleriň elýeterliligi

Tunisde täze hökümetiň düzümi yglan ediler


Şu gün Tunisde prezident El-Abidine Ben Ali häkimiýetden çetleşdirilenden soň düzülen milli birlik hökümetiniň düzümi yglan ediler. Bu barasynda öten agşam premýer-ministr Mohammed Gannuşi habar berdi.

Gowuşýan maglumatlara görä, hökümetiň düzümine üç oppozision partiýanyň lideri girer.

Tunisiň paýtagty Tunis şäherinde öten agşam prezident köşgüniň etrabynda atyşyklar boldy. Mundan öň paýtagtyň dürli ýerlerinde ok atyşlyk bolandygy barada habar berlipdi.

Harbylar bilen çaknyşyga giren iki ýaragly adam öldürildi.

Anna güni Tunisden Saud Arabystanyna gaçan prezident Ben Aliniň gwardiýasynyň söweşijileriniň çaknyşyklara gatnaşýandygyny gözi bilen görenler habar berýärler.

Döwlet baştutanynyň wezipesini wagtlaýynça parlamentiň başlygy Faud Mebazaa ýerine ýetirýär.

Bahalaryň galmagyna, işsizlige we korrupsiýa garşy ýönekeý graždanlaryň birnäçe hepdelik bidüzgünçilikleri häkimiýet başynda 23 ýyl oturan Ben Aliniň häkimiýetden agdarylmagyna sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG