Sepleriň elýeterliligi

Oş wakalarynyň sebäpleri nämedi?


Esgerler we polisiýa işgärleri Oşdaky operasiýalarda, 21-nji iýun, 2010.

Esgerler we polisiýa işgärleri Oşdaky operasiýalarda, 21-nji iýun, 2010.

Gyrgyzystanyň parlamentiniň “Sosial-Demokratlar” fraksiýasynyň deputaty, wagtlaýyn hökümetiň öňki agzasy, öňki goranmak ministri Ysmaýyl Isakow şu gün «AKI-press» agentliginde metbugat konferensiýasyny geçirdi. Ol iýun aýyndaky Oş, Jalalabat wakalary boýunça barlag geçiren Gyrgyzystanyň Milli komissiýasyny suda berjekdigini aýtdy.

Ismail Isakow
“Milli komissiýanyň ‘Oş wakalarynyň öňüni almak üçin Gyrgyzystanyň güýç ulanyjy strukturalary ýeterlik çäre görmediler’ diýip, netije çykarmagy esassyz”. Şonda agyr ýagdaýy durnuklylaşdyrmak üçin çäreler görüldi. Emma ýurt eýýäm urşuň gyrasynda durdy. Milli komissiýa barlagyň netijesi bilen wagtlaýyn hökümetiň käbir agzalaryny garalamak isleýär “ diýip, Ysmaýyl Isakow duşenbe güni geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

“Oş wakalary ýöne ýerden döränok. Bu wakalara sebäp bolan zat – iki dürli hökümet sistemasynyň arasyndaky gapma-garşylyklar. Onuň bir tarapynda çäklendirilmedik prezidentlik hukugyna eýe bolan, bir maşgalanyň agzalarynyň dolandyrýan sistemasy dursa, ikinji tarapynda – prezidentlik hukugy çäklendirilen, maşgala dolandyryşyna ýol bermeýän, parlamentar dolandyryş sistemasyny goldaýan topar durdy” diýip, Isakow aýtdy.

“Esassyz”

Soňra Isakow sözüni şeýle dowam etdi: “Oş wakalarynda wagtlaýyn hökümetiň agzalary we ähli güýç ulanyjy organ işgärleri 8-nji apreldäki Bişkek wakalaryndan soň mitingleri we piketleri togtatmak, administratiw binalaryň basylyp alynmagynyň öňüni almak, milletara çaknyşyklary togtatmak, olaryň güýjemegine ýol bermezlik, serhet meselerini çözmek ýaly işleri amala aşyrdy”.

Isakow milletara göreşin guýjemeginiň beýleki sebäplerini-de belläp geçdi: “Ýurtda ekstremistik we jenaýatçy güýçleriň artmagy, Gyrgyzystanyň günortasyny özbaşdak Fergana jülgesine öwürmek isleýänleriň milletçi ekstremistik çagyryşlara daýanyp, ýurduň günortasynda Awtonom Respublika döretmek ugrundaky hereketi, şeýle-de kabir howpsuzlyk, hukuk tertibini goraýjy organ işgärleriniň öňki hökümet bilen baglanyşykly hereketleri”.

Isakow Oş wakalary boýunça Milli komissiýanyň barlaglarynyň netijelerine ýurduň iň tejribeli liderlerini hiç hili esassyz günäläp, syýasy meýdandan daşlaşdyrmak diýip, baha berdi. Ol komissiýanyň “Oş wakalarynyň öňüni almak ugrunda çäre görülmändir” diýen aýyplamasyny esassyz diýip atlandyrdy we Komissiýany suda berjekdigini nygtady.

Komissiýa ylalaşanok

Azatlyk Radiosy Isakowyň bu çykyşyna Gyrgyzystanyň Oş wakalary boýunça Milli komissiýasynyň başlygy Abdugany Erkebaýewiň pikirini bilmek üçin onuň bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. Ol Isakowyň aýdanlary bilen, umuman, ylalaşmaýandygyny aýdýar.

”Hökümetiň öňünde durýan birinji mesele – bu halkyň dynçlygyny, ýurduň asudalygyny üpjün etmek. Biziň Konstitusiýamyzda ýazylyşy ýaly territorial bütewülik, jemgyýetiň howpsuzlygy üçin Milli howpsuzlyk, Goranmak we Içeri işler ministrligi jogap bermeli. Olar ýurtda näme bolup geçýändiginden habarly bolmaly we ýaramaz hadysalaryň öňüni almaly. Biz olaryň ähli alyp baran işleri bilen birlikde kemçiliklerini-de belläp geçdik” diýip, Erkebaýew adýar.

Milli komissiýa iýun wakalary boýunça barlaglaryň netijelerini 11-nji ýanwarda yglan etdi. Dokumentde bu ganly wakalarda käbir özbek liderleriniň we wagtlaýyn hökümetiň, şeýle-de hökümetiň güýç ulanyjy organlarynyň ýolbaşçylarynyň günäsiniň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG