Sepleriň elýeterliligi

Tunisiň täze hökümetine oppozisiýa-da goşuldy


Duşenbe güni Tunisiň wagtlaýyn liderleri täze koalision hökümeti yglan etdiler. Premýer-ministr Muhammad Gannuşi we başga-da birnäçe ministr öz wezipesinde galýar.

Täze hökümete üç sany oppozisiýa lideri hem goşuldy we Maglumat ministrligi ýatyryldy.

Täze koalision hökümeti yglan eden premýer-ministr Gannuşiniň metbugat konferensiýasynda aýtmagyna görä, täze hökümet korrupsiýada we Ben Aliniň döwründe ummasyz baýlyk ýygnanlykda şübhe edilýän islendik adam barada derňew geçirer.

Duşenbe güni irden, täze koalision hökümet yglan edilmezden ozal, howpsuzlyk güýçleri ýurduň paýtagtynda proteste çykanlara garşy göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Birnäçe ýüz adamdan ybarat demonstrasiýaçylar wezipesinden çetleşdirilen prezident El-Abidine Ben Aliniň partiýasyny häkimiýetden çekilmäge çagyranda polisiýa olary dargatdy.

Geçen hepde prezident El-Abidine Ben Ali Saud Arabystana gaçandan soň ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Şondan bäri islendik jemgyýetçilik ýygnanyşygy gadagan.

Ýekşenbe güni gije prezident köşgüniň golaýynda häkimiýetden agdarylan prezidentiň howpsuzlyk güýçleri bilen ýörite güýçleriň arasynda atyşyk boldy.
XS
SM
MD
LG