Sepleriň elýeterliligi

“Ykdysady azatlygyň indeksi 2011”


"Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryna edilýän berk döwlet gözegçiligi hususy sektoryň ösüşiniň depginini gowşadyp, uglewodorod pudagyna degişli bolmadyk ugurlarda durgunlyga getirdi".

"Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryna edilýän berk döwlet gözegçiligi hususy sektoryň ösüşiniň depginini gowşadyp, uglewodorod pudagyna degişli bolmadyk ugurlarda durgunlyga getirdi".

Ýakynda “The Heritage Foundation” - Miras Fondunyň we “Wall Street Journal” gazetiniň dünýä ýurtlarynyň ykdysady azatlygynyň derejesi boýunça bilelikdäki täze hasabaty çap edildi. Hasabata görä, Gon-Konguň ykdysadyýeti 17 ýyl bäri dünýäde iň azat ykdysadyýet diýlip hasaplanyp gelinýär.

“Ykdysady azatlygyň indeksi 2011” hasabatynda 183 ýurda syn edilip, söwdanyň, maýa goýumlarynyň we hususy eýeçiligiň azatlygyna 10 kriteriýa esasynda baha berilýär. Türkmenistan bu hasabatda öz ykdysady azatlygy boýunça 169-njy orunda durýar, oňa berlen baha 43,6 bal.

Hasabatda syn berilýän ýurtlaryň ykdysadyýetleri azat, aglaba azat, belli bir derejede azat, aglaba azat däl, repressiw we baha berilmedik diýen toparlara bölünýär. Ykdysadyýetiniň azatlyk derejesine 43,6 ball berlen Türkmenistan repressiw diýlip kesgitlenen topara girýär.

Emma ozalky ýyllara garanda Türkmenistanyň ykdysady azatlygyna şu sapar 1,1 ball ýokary baha berildi. Hasabatda bellenişine görä, Türkmenistanyň görkezijileriniň gowulanmagy ýurduň walýuta we salgyt ugurlaryna berlen bahalaryň gowulanmagy bilen bagly bolupdyr.

Ortaça görkezijilerden pes

Muňa garamazdan, “Ykdysady azatlygyň indeksi 2011” atly hasabata laýyklykda, Aziýa-Ýuwaş okean regionynyň düzüminde garalýan Türkmenistanyň görkezijileri region we, umuman, dünýä derejesinde ortaça görkezijilerden hem örän pesde durýar.

Türkmenistanyň ykdysady pudaklaryna edilýän berk döwlet gözegçiligi hususy sektoryň ösüşiniň depginini gowşadyp, uglewodorod pudagyna degişli bolmadyk ugurlarda durgunlyga getirdi. Hökümet özüne sanlyja partnýorlary saýlap alyp, daşary ýurtly inwestisiýalary çäklendirýär.

Türkmenistanyň maliýe sistemasy belli bir syýasy topar tarapyndan dolandyrylýar. Dolandyryş sistemasynyň çylşyrymlylygy we açyk-aýdyň bolmazlygy, hususy eýeçiligiň pesligi, korrupsiýanyň ýaýbaňlanmagy we zähmet düzgünleriniň özgermezligi hususy sektoryň işini çäklendirip gelýär.

Hasabatda dürli ýurtlaryň ykdysadyýetlerine 10 kriteriýa boýunça baha berilýär. Türkmenistanda emläk hukugy, zähmet erkinligi, maliýe edaralarynyň azatlygy, maýa azatlygy, söwda erkinligi, biznes azatlyklary we korrusiýadan saplanyş kategoriýalary boýunça özgerişlik bolmandyr.

Ýokarlanan görkezijiler

Emma hasabatda salgyt ugrundaky azatlyk boýunça Türkmenistanyň görkezijisiniň 3,4 ball ýokarlananlygy aýdylýar. Geçen 2010-njy ýylyň dowamynda Türkmenistanyň salgytlardan gelen girdejileri umumy içerki önümçiligiň 21,8%-ni emele getiripdir.

Pul azatlygy kategoriýasyndan hem Türkmenistanyň görkezijileri geçen ýylkysyndan 6,8 bal ýokarlandy. Ýurtda inflýasiýanyň badynyň gowşanlygy, emma subsidiýalaryň, bahalaryň emeli ýagdaýda sazlaşdyrylmagynyň ykdysady stimullary çylşyrymlaşdyrýanlygy bellenilýär.

“Miras fondunyň” we “Wall Street Journal” gazetiniň bilelikde taýýarlan şu ýylky hasabatynyň 183 ýurtdan ybarat sanawynda Türkmenistan 169-njy orny eýeleýär. Mundan ozalky hasabatlarda, mysal üçin, 2010-njy ýylda Türkmenistan 171-nji, 2009-njy ýylda bolsa 169-njy orunda ýerleşdirilipdi.
XS
SM
MD
LG