Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýazmuhammedowa ýene käýinç aldy


Ministrler Kabinetiniň medeniýet we habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa
Ministrler Kabinetiniň medeniýet we habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän orunbasary Maýsa Ýazmuhammedowa
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 17-nji ýanwarda gol çeken buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň we medeni maksatly binalary ulanmagyň tertibiniň bozulmagyna ýol berenligi üçin wise-premýer Maýsa Meredowna Ýazmuhammedowa käýinç yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň medeniýet we habar beriş serişdelerine gözegçilik edýän orunbasary Ýazmuhammedowa berlen bu käýinç eýýäm üçünjidir.

Wise-premýer özüniň ilkinji käýinjini 2009-njy ýylyň fewralynda, ikinji käýinjini bolsa 2010-njy ýylyň ýanwarynda alypdy. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasaryna berlen käýinçleriň ikisi hem onuň öz garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda işleriň talabalaýyk guralmagyna gözegçiligi gowşadandygy üçin berlipdi.

Wise-premýere berlen bu gezekki käýinçde bolsa medeni köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň we medeni maksatly binalary ulanmagyň tertibiniň bozulmagyna ýol berenligi üçin diýlen kesgitleme bar.

Medeni gurluşygyň işi haýal

Türkiýäniň «Sehil Inşaat» kompaniýasy tarapyndan 2008-nji ýylyň başynda düýbi tutulan Döredijilik şäherçesiniň gurluşygy häzir juda haýal barýar. Bahasy 150 million dollara golaý bolan bu proýekt 2009-njy ýylyň oktýabrynda taýyn edilip, ulanylmaga berilmelidi. Emma onuň işi entek-entek tamamlanardan ir görünýär.

Geçen ýylyň 9-njy iýunynda ýurduň prezidenti Döredijilik şäherçesiniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerine hut özi baryp gördi we işleriň barşyndan nägilelik bildirip, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministri Gulmyrat Myradowdan, wise-premýer Maýsa Ýazmuhammedowadan kemçilikleri düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Prezidentiň beren bu tabşyryklaryna ýarym ýyl wagt geçen-de bolsa, gurluşygyň depgini batlanybermeýär. Döredijilik şäherçesi Türkmen döwlet medeniýet institutyny, ýörite sazçylyk mekdebini, çagalar bagyny, umumy bilim berýän orta mekdebi, üç sany köp gatly jaýlary özünde jemleýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlanansoň, 200-den gowrak kwartiralar ýurduň medeniýet we döredijilik işgärlerine paýlanylyp berilmeli.

Käýinjiň derejesi

Ýazmuhammedowa berlen bu käýinjiň eýýäm üçünjidigine garamazdan, ol buýrukda, käbir ministrlere berilýän käýinçlerde bolşy ýaly, «kemçilikleri wagtynda düzetmese, onda eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy barada duýduryldy» diýlen kesgitleme ýok.

Ýöne muňa garamazdan, 14-nji dekabrda Berdimuhamedowyň karary bilen, Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministriniň orunbasary Bägül Çarygulyýewna Nurmyradowanyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň medeniýet bölüminiň müdiri wezipesine bellenilmeginiň ýakyn geljekde kadr çalşygynyň ýüze çykmagynyň mümkindigini ýerli synçylar öňe sürýärler.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
XS
SM
MD
LG