Sepleriň elýeterliligi

Ýemende radikal dindar 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi


Ýemeniň sudy radikal musulman dindary Anwar al-Awlaka gaýybana höküm çykardy. Fransiýaly inženeriň ölümine gatnaşygy üçin oňa 10 ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykaryldy.

Derňewiň maglumatlaryna görä, geçen ýylyň oktýabr aýynda Awstriýanyň OMV nebit-gaz kompaniýasynyň bir işgäriniň oka tutulmagyna hut al-Awlakiniň beýannamasy sebäp bolupdyr.

“Al-Kaýda” terroristik topary bilen aragatnaşykdadygy güman edilýän al-Awlaka ABŞ tarapyndan gözleg yglan edildi.
XS
SM
MD
LG