Sepleriň elýeterliligi

BMG-niň Liwan boýunça tribunaly aýyplaw hatyny taýýarlady


BMG -niň Liwan boýunça ýörite tribunalynyň prokurory Daniel Belmar Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň 2005-nji ýylda öldürilmegi boýunça aýyplaw hatyny gowşurdy.

Suda çakylyk hatyny ugratmak, günäkärleri tussag astyna almak barada karar kabul edilmeli dokumentiň mazmuny äşgär edilmeýär.

Synçylar dokumentde “Hizbullah” radikal şaýy toparynyň agzalary barada gürrüň gidýän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Toparyň lideri Hasan Nasrulla ýakynda eden çykyşynda Gaagadaky tribunaly “ABŞ-nyň we Ysraýlyň elinde hereket edýän ýarag” diýip atlandyrdy.

Geçen hepde “Hizbullahyň” agzalary BMG-niň geçirýän derňewlerine protest hökmünde Liwanyň hökümetiniň düzüminden çykypdy.
XS
SM
MD
LG