Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanda 158 adam ekstremizmde aýyplandy


Geçen ýyl Täjigistanda ekstremizmde aýyplanyp, 158 adam türme tussaglygyna höküm edildi.

Bu barasynda duşenbe güni habar beren Täjigistanyň Ýokary sudunyň başlygy Nusratullo Abdulloýew şolardan 135 adamyň gadagan edilen “Hizb-ut-Tahrir” yslam toparynyň agzasydygyny aýtdy. Galanlary “Salafiýa” yslam toparyna girýär.

Ýokary suduň başlygy Özbegistanyň Yslam hereketiniň ýa-da şolar bilen baglanyşygy bolan toparlaryň agzalaryndan tussag edilen ýeke adamyň hem adynyny agzamady diýip, synçylar belleýärler.

Mundan öň hut şu hereketiň 2010-njy ýylyň soňky aýlary Täjgistanda edilen zorluk aktlarynyň guramaçysy bolandygy çak edilýärdi.
XS
SM
MD
LG