Sepleriň elýeterliligi

Moskwanyň öňki häkimi Latwiýada islenmeýän adam


Moskwanyň öňki şäher häkimi Ýuriý Lužkow Latwiýada islenmeýän adamlaryň sanawyna goşuldy. Şeýle karara ýurduň içeri işler ministri Linda Murniese geldi. Bu Lužkowa Latwiýada ýaşamaga rugsat berilmejekdigini aňladýar.

Lužkow Latwiýanyň banklarynyň birine 400 müň dollar töweregi inwestisiýa edipdir. Häzir şonuň maliýe çeşmeleri barlanýar diýip, ministr aýtdy.

Latwiýada hemişelik ýaşamazdan wagtlaýyn oturym almagyň şerti inwestiýa we gozganmaýan emlägiň bolmagydyr.

Mundan öň Latwiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleri Lužkowyň oturym almak üçin arza berendigini ýazypdy.

Lužkow bu informasiýany tassyklady we eger Latwiýanyň häkimiýetleri rugsat bermese, başga bir ýewropa döwletinden oturym almaga synanyşjakdygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG