Sepleriň elýeterliligi

Öňki bank işgäri "WikiLeaks" saýtyna maglumat gowşurdy


Şweýsariýada ýerleşýän “Julius Baýer” bankynyň öňki işgäri Rudolf Elmer “WikiLeaks” internet saýtyny esaslandyryjy Julian Assanja ençeme material gowşurdy.

Elmeriň sözlerine görä, onuň ýygnan maglumatlary, hususan-da, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Aziýanyň birnäçe ýurdundan dünýä belli ençeme adamlaryň, uly biznesmenleriň, syýasatçylaryň salgyt tölemekden gaçmaga synanyşygyna şaýatlyk edýär.

Assanj müňlerçe gizlin amerikan dokumentlerini çap eden “WikiLeaks” internet saýtynyň duşenbe güni Londonda alan materiallarynyň täzeden gözden geçiriljekdigini we olaryň birnäçe hepdeden soň dünýä ýaýradyljakdygyny aýtdy.

Elmeri Şwesiariýada bank syrlary prinsipini bozmakda aýyplaýarlar. Ol çarşenbe güni Sýurihde suduň öňünde jogap berer.
XS
SM
MD
LG