Sepleriň elýeterliligi

Hytaýyň lideri Hu Jintao Waşingtona gelýär


Şu gün HHR-niň başlygy Hu Jintao Waşingtona gelýär. Ol bu ýerde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşikler geçirer.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň iň möhüm meselelerini, hususan-da ABŞ-nyň Hytaý bilen söwdasyndaky defisit maslahatlaşmak planlaşdyrylýar.

Şol ýetmeziň sebäbi, Waşingtonyň pikiriçe, hytaý puly ýuanynyň kursunyň emeli ýagdaýda pes saklanmagydyr.

Hu Jintaonyň saparynyň öň ýany amerikan senatorlarynyň bir topary Hytaýyň ABŞ üçin amatly bolmadyk ykdysady ugur alyp barmagyny kynlaşdyrjak kanun proýektini makullamaga Kongressi çagyrdy.

Häzirki hytaý-amerikan sammitini köp synçylar soňky 30 ýylda HHR-niň şol wagtky lideri Den Sýaopiniň ABŞ-a eden wizitinden bäri iň möhüm sapar diýip, hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG