Sepleriň elýeterliligi

Duşenbe güni Tunisde milli birlik hökümeti düzüldi


Tunisiň prezidenti El-Abidine Ben Ali ýurtdan gaçandan soň Tunisiň täze syýasy ýolbaşçylygy milli birlik hökümetiniň düzülendigini yglan etdi.

Premýer-ministr Muhammad Gannuşi we ýene birnäçe ministr öz wezipesinde galýar.

Oppozisiýadan üç lider hökümete girdi. Şol bir wagtda-da Maglumat ministrligi ýatyryldy.

Düýn polisiýa ýüzlerçe demonstrasiýaçyny dargatdy, olar dolandyryjy partiýanyň häkimiýetden çekilmegini talap etdiler.

Soňky birnäçe günüň dowamynda bolan köpçülikleýin tolgunyşyklarda, resmi maglumatlara görä, 78 adam heläk bolupdyr.

Tunisde ýagdaý dartgynly. Ýörite bölümler bilen öňki prezidentiň gorag toparlarynyň arasyndaky çaknyşyklar barada habar berilýär.

Germaniýanyň daşary işler ministri Guido Westerwelle şeýle diýdi: “Tunisde durnuklylyga dolanmaga real mümkinçilikler bar. Asudalyga tarap ýol demokratiýanyň üstünden geçmeli”.

German hökümeti Tunisiň häkimiýetlerini dolandyryşyň demokratik formasyny, kanunlaryň hemme zatdan ýokarylygyny ornaşdyrmaga, graždan hukuklaryny, azatlyklaryny, hususan-da metbugat azatlygyny berjaý etmäge çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun zorluklaryň täze tolkunynyň öňüni almak üçin ýagdaýy tizden-tiz kadalaşdyrmaga çygyrdy.

Ýewroparlamentiň başlygy Ýeži Buzek Tunisdäki wakalar boýunça garaşsyz derňew geçirmegiň zerurdygyny nygtady.
XS
SM
MD
LG