Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýrana garşy sanksiýalar barada interwýu


Eýranyň Buşehr ýadro stansiýasy, 26-njy oktýabr, 2010.

Eýranyň Buşehr ýadro stansiýasy, 26-njy oktýabr, 2010.

Ýadro programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalaryň ýerine ýetirilişi hakda Birleşen Ştatlaryň maliýe ministriniň terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça kömekçisi Deýwid Kohen bilen söhbetdeşlik. Söhbetdeşligi alyp baran Farda Radiosynyň habarçysy Kawýan Hosseini.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Özüňiziň we Maliýe ministrliginiň beýleki işgärleriniň näme sebäpden bütin dünýä aýlanyp, öz kärdeşleriňiz bilen duşuşýanlygyňyzy aýdyp beräýseňiz?


Birleşen Ştatlaryň maliýe ministriniň kömekçisi Deýwid Kohen
Deýwid Kohen:
Meniň saparymdan we edilýän beýleki saparlardan maksat – Eýranyň garşysyna Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi, Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar tarapyndan girizilen sanksiýalar hakda öz ýaranlarymyz bilen pikir alyşmak we bu işleri koordinirlemek.

Biz halkara arkalaşygy hökmünde iki ýoly tutýarys: olaryň biri diplomatiýa, beýlekisi-de gysyş görkezmek. Bu iki ugurly strategiýada Maliýe ministrliginiň roly sanksiýalaryň berk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek. Dogrymy aýtsam, biz gerek bolan halatynda Eýrana basyş etmäge goşmaça ýollar hakda-da oýlanýarys.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Ýene 7-8 günden Türkiýede ýadro ýaraglary baradaky gepleşikleriň ikinji tapgyry geçer. Basyşy artdyrmak bilen siz şu wagt Eýranyň hökümetine nämäni duýdurjak bolýarsyňyz?


Deýwid Kohen: Gepleşiklere gidiljek bolnup ýörkä, Eýran hökümetine bildiriljek bolunýan zat - halkara arakalaşygynyň gerek bolan mahalynda berk sanksiýalar barada agzybir duranlygy, olary güýçli goldaýanlygy. Esasy maksat diplomatlara öz işlerini bitirmäge bir mümkinçilik, amatly pursat döretmek. Ýöne muňa gerek zat: eýranlylaryň Stambula çynlakaý taýýarlykly, bu aladany aradan aýyrmak üçin halkara arkalaşygy bilen işleşmek islegi bilen gelmegi.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Birleşen Milletler Guramasynda türk hökümeti Eýran baradaky sanksiýalara garşy ses berdi. Şindi-de Eýran bilen söwda işlerini alyp barýan köp türk kompaniýalary bar. Siz muňa bir problema hökmünde garaýarmysyňyz?

Deýwid Kohen: Türkiýe Eýrana öz gapysyny açyp, oňa halkara sanksiýalaryndan sypmaga bir mümkinçilik döredermi ýa döretmez, mesele ine şunda. Beýle bir zada gözümiz düşenok. Ine, açyk aýdýaryn, munuň nähili problemalara getirjekidigi barada biz Türkiýedäki ýaranlarymyz bilen maslahatlaşyp ýörüs. Beýleki tarapdan bolsa, Türkiýäniň maliýe guramalarynyň gaty ätiýaçly hereket edýändigini görýäris. Olar Eýranyň maliýe guramalary bilen gatnaşyklaryny kesýärler. Umumy ritorika bilen hususan işiň arasynda tapawut bar.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Eýranlylaryň aglabasy Eýrandan şu wagt amerikan hökümetine näme howplaryň abanýandygyny bilmek isleýär.

Deýwid Kohen: Bizi Eýran hökümeti we terrorizm barada aladalandyrýan zat, hususan onuň Liwanda “Hizbullahy”, umuman, tutuş dünýäde terroristik işleri goldaýanlygy. Terrorizme döwlet goldawyny bermekde Eýranyň deňi-taýy ýok.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosy: Sanksiýalarda takyk nyşana alynýan näme? Eýranda ýönekeý adamlar sanksiýalardan ejir çekýän iň soňunda ýene biz diýýärler.


Deýwid Kohen:
Biz sanksiýalarda başardykça edil bikanun işlere goşulýan adamlary, kompaniýalary we guramalary nyşana alýarys. Şol sebäpdenem Eýranyň ýadro raketa programmasyny goldaýan maliýe guramalarynyň haýsy guramalardygyny anykladyk.

Çenelen bolsa-da, sanksiýalaryň zyýanynyň beýlekilere-de ýetýändigini bilýäris. Ýöne bu Eýran hökümeti bilen geňeşilmeli mesele.
XS
SM
MD
LG