Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Medwedew palestin ýolbaşçylary bilen duşuşdy


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Iordan derýasynyň günbatar kenaryna sapar etdi.

Bu saparyň dowamynda prezident Medwedew Palestinanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, palestin-ysraýyl parahatçylyk gepleşiklerine dolanmak meselesi barada maslahat etdi.

Prezident Medwedew Palestinanyň 1988-nji ýyldaky ykrar edilen serhetlerini Orsýetiň tassyklaýandyny we onuň öz pozisiýasynda durjakdygyny aýtdy.

Orsýet Ýakyn Gündogardaky parahatçylyk gepleşiklerine araçylyk edýän “dörtlügiň” biridir. Bu topara Birleşen Ştatlar, Birleşen Milletler Guramasy we Ýewropa Bileleşigi hem girýär.

Geçen ýyl Ysraýylyň Iýerusalimiň dawaly territoriýalarynda ýaşaýyş jaý gurluşyk işlerine girizilen gadaganlygy uzaltmajakdygyny aýan etmegi bilen Palestina göni gepleşiklerden çykypdy.
XS
SM
MD
LG