Sepleriň elýeterliligi

Yrakdaky partlamada 50-den gowrak adam öldi


Yragyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, sişenbe güni janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde polisiýa iş arzasyny bermek üçin nobata duran 50-den gowrak adam ölüp, 150 töweregi adam ýaralanypdyr.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, bu partlama Yragyň Tikrit şäherindäki polisiýa merkeziniň binasynyň golaýynda bolupdyr.

Yrakdaky jebir-sütemiň derejesi 2006-2007-nji ýyllar bilen deňeşdirilende pese gaçdy. Emma ýaragdan ot açmalar we bomba hüjümleri günde-günaşa ýüz berýän ahwallara öwrüldi.
XS
SM
MD
LG