Sepleriň elýeterliligi

Obama Haririniň ölümi boýunça aýyplawy goldaýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň 2005-nji ýylda öldürilmegi bilen bagly yglan edilen ilkinji resmi aýyplamany goldaýandygyny aýtdy.

Obama BMG-niň tribunaly tarapyndan bildirilen aýyplama Liwandaky adam öldürmäniň uzak wagtlap jezasyz galmagynyň soňuna çykmak üçin ädilen möhüm ädim hökmünde baha berdi.

Synçylar dokumentde “Hizbullah” radikal şaýy toparynyň agzalary barada gürrüň gidýän bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Geçen hepde şaýy “Hizbullah” topary we olaryň ýaranlary öldürilen premýer-ministriň ogly Saad al-Haririniň hökümetiniň düzüminden çykypdylar.
XS
SM
MD
LG