Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsüriň parlament binasynyň öňünde bir adam özüni otlady


Sişenbe güni Müsüriň parlament binasynyň öňünde bir adam özüni otlady diýlip, habar berilýär. Bu eýýäm şu hepdäniň dowamynda paýtagt Kairde ýüze çykan ikinji şeýle hadysadyr.

Duşenbe güni başga bir adam ýurtdaky ýaramaz şertlere protest hökmünde özüni otlapdy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar Aljirde we Mauritaniýada hem ýüze çykdy.

Mundan öň Tunisde 26 ýaşly oglanyň işsizlige protest edip, özüni otlamagy ýurtda giň-gerimli protestleriň döremegine getiripdi.

Şol protestler netijesinde Tunisiň prezidenti Zine el-Abidine Ben Ali ýurdy terk etmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG