Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet bilen Eýran aralaryny sazlamakçy


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad we Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew öz ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrmak ugrundaky tagallalary güýçlendirmäge razylaşdylar diýip, Eýranyň telewideniýesi habar berýär.

Bu barada iki prezident telefon arkaly geçiren gepleşiginde ylalaşypdyr. Gepleşik Eýranyň öz ýadro merkezlerine aýlanyp görmek boýunça eden teklibini Orsýetiň ret etmeginden soň geçirildi.

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatyna görä, Ahmedinejad Orsýet bilen Eýranyň hemişe “dost we hyzmatdaş” bolmalydygyny nygtapdyr. Medwedewiň bu pikir bilen ylalaşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG