Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda Saud Arabystanynyň medeni günleri başlandy


Şu gün Türkmenistanda Saud Arabystanynyň medeni günleri başlandy.

19-22-nji ýanwar aralygynda dowam etjek medeni günleri gurnaýjylar Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi we Saud Arabystanynyň Medeniýet we maglumat ministrligi.

Foruma gatnaşmak üçin Aşgabada wekilçilikli delegasiýa geldi, onuň düzüminde belli arap aýdym-saz sungatynyň ýerine ýetirijileri, tans toparlary, suratkeşler, kinomotagrafiýaçylar, žurnalistler bar diýip, TDH habar berýär.

Şu gün Türkmenistanyň şekillendiriş muzeýinde saud ussatlarynyň amaly-bezeg işleri, fotosuratlar görkeziler. Milli arap geýimleriniň görkezilişi “Türkmenistan” kinokonsert zalynda bolar. Agşam arap filmleri görkeziler.

Medeni günleriň çäginde Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynyň sahnasynda Saud Arabystanynyň sungat ussatlarynyň konserti bolar.
XS
SM
MD
LG