Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Eýran özüne açyk hem hormatly gatnaşyk isleýär


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama mundan iki ýyl öň eýran häkimiýetleri bilen gepleşigi ýola goýjak diýen wadasynda tapylmady diýip, Eýran ýaňzydýar.

Düýn Eýranyň BMG-däki wekili Muhammet Hazai Eýran bilen gatnaşyklarda Obama özünden öňki kärdeşi Jorj Buşuň käbir ýalňyşlaryny gaýtalaýar diýdi.

Eýran diplomaty ýurdunyň özi bilen bagly açyk hem hormatly gatnaşyklar isleýändigini, munuň dünýäniň alty döwletiniň gatnaşmagynda ýakynda Stambulda geçiriljek gepleşiklerde-de şeýle bolmagyny isleýändigini aýtdy.

Hazainiň sözlerine görä, gepleşikler Eýranyň ýadro programmasynyň töweregindäki konflikti aradan aýyrmak üçin şert döredip biler.
XS
SM
MD
LG