Sepleriň elýeterliligi

Tunisde täze hökümetiň ilkinji maslahaty geçirilýär


Şu gün Tunisde täze milli birlik hökümetiniň ilkinji maslahaty geçirilýär.

Premýer-ministr Mohammed Gannuşi we Tunisde prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Faud Mebaza wezipesinden çetleşdirilen prezident Ben Aliniň partiýasyndan çykýandyklaryny yglan etdi.

Şol bir wagtda-da Gannuşi tarapyndan düzülen hökümeti düýn eýýäm oppozisiýadan dört ministr terk etdi, olar öňki ýolbaşçynyň wekilleriniň hökümetde barlygyndan närazy.

Resmi maglumata görä, soňky günler Tunisde bolan bidüzgünçiliklerde 78 adam ölüpdir, ýetirilen maddy zyýan 2 milliard dollar.
XS
SM
MD
LG