Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň we Müsüriň prezidentleri telefon arkaly gürleşdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Müsüriň prezidenti Hosni Mubarek bilen telefon arkaly gürrüňde Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika problemalaryny maslahatlaşdy.

Iki lider hem häkimiýet çalşandan soň Tunisde ýagdaýy durnuklaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem bu ugurdan zerur tagallar etmegi wada berdi.

Liwanyň öňki premýer-ministri Rafik Haririniň ölümi boýunça BMG-niň ýörite tribunalynyň geçiren derňewlerine beren goldawy üçin Barak Obama Müsüriň pozisiýasyna ýokary baha berdi.

Taraplar ysraýyl-palestin gepleşiklerini dikeltmegiň perspektiwalaryny-da maslahatlaşdy.
XS
SM
MD
LG