Sepleriň elýeterliligi

Gaitiniň öňki diktatory Dýuwalýe günä bildirildi


Bir-iki günlükde 25 ýyldan soň Gaitä dolanyp gelen bu ýurduň öňki diktatory “Beýbi Dok” lakamly Žan-Klon Dýuwalýe saklandy. Oňa korrupsiýada we döwlet serişdelerini dargatmakda günä bildirildi.

Polisiýanyň ony Port-o-Prensdäki myhmanhanadan çykaryp alyp gidendigi, onuň bilen kanun goraýjy we sud organlarynyň wekilleriniň duşuşandygy habar berildi.

Gowuşýan köp sanly habarlara görä, öňki diktator suda eltilipdir, şondan soň ýene myhmana ugradylypdyr. Onuň daşyny polisiýa işgärleri goraýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar Gatiniň häzirki häkimiýetlerini Dýuwalýeni tussag etmäge çagyrýarlar. Ol 1970-80-nji ýyllarda ýurdy dolandyran wagty müňlerçe adamyň gynalmagynda we öldürilmeginde güman edilýär.
XS
SM
MD
LG