Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz döwletleriň arkalaşygynyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynda şowsuz çykyş eden Türkmenistanyň çempiony «Balkan» ähli oýunlaryny utduryp, bäsleşikden çykdy.

Öň «Nebitçi» ady bilen çykyş eden «Balkan» şu ýyl Türkmenistanyň futbol çempionatynda ýeňiji bolupdy.

GDA-nyň kubogy ugrundaky futbol ýaryşynda «C» toparda çykyş eden balkanlylar ilkinji oýnuny Belarusyň «Şahtýory» bilen geçirdiler we 1:2 hasabynda utuldylar.

Topardaky ikinji duşuşygynda Estoniýanyň «Florasyndan» 0:3 hasabynda ýeňlenden soň, balkanlylar çärýek finala çykmak umydyndan doly el üzmeli boldular.

Bu halkara ýaryşynda ýaşlar topary bilen çykyş edýän Orsýetiň «Zenit» topary bilen duşuşygynda bolsa balkanlylar garşydaşyndan 0:2 hasabynda ýeňildiler we 0 oçko bilen toparda iň soňky orny eýelediler.

Üç duşuşykda Türkmenistanyň çempiony garşydaş komandalarynyň derwezesinden bary-ýogy ýekeje pökgi geçirmegi başardy. Öz derwezesinden bolsa 7 pökgini geçirtdi.

Özüniň türgenleşdirýän futbol toparyndan nägileligini gizlemedik Aleksandr Klimenko «Balkanyň» bu halkara ýaryşynda şowsuz çykyş edendigine garamazdan, ýakyn günlerde Aşgabatda geçjek Türkmenistanyň prezidentiniň kubogyny almak ugrundaky halkara futbol ýaryşynda diňe ýeňişleri gazanjakdygyna umyt baglaýandygyny mälim etdi.

Ýerli habarçynyň maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG