Sepleriň elýeterliligi

Belarus Ýewropanyň üns merkezinde


Taslamada 19-njy dekabrda Lukaşenkonyň ýene häkimiýet başynda galmagyna ýol açan saýlawdan soň oppozision kandidatlara we protestçilere zulum-sütem edilmegi ýazgarylýar.

Taslamada 19-njy dekabrda Lukaşenkonyň ýene häkimiýet başynda galmagyna ýol açan saýlawdan soň oppozision kandidatlara we protestçilere zulum-sütem edilmegi ýazgarylýar.

Ýewropa Parlamentindäki esasy syýasy toparlar bilelikde bir rezolýusiýanyň taslamasyny taýýarladylar. Bu rezolýusiýada öten aý Belarusda geçen prezidentlik saýlawyndan soň protestçilere garşy görlen agyr çäreler ýazgarylýar.

Ozal parlamentdäki liberallar, sosialistler, orta, sag we konserwatiw wekiller tarapyndan şular ýaly biri-birinden aýry taslamalar taýýarlanypdy. Şol taslamalaryň esasynda düzülen häzirki tekst 20-nji ýanwarda parlamentde geçjek ses berişlikde kabul ediler diýen pikirden ugur alynýar.

Taslamada 19-njy dekabrda prezident Aleksandr Lukaşenkonyň ýene häkimiýet başynda galmagyna ýol açan saýlawdan soň oppozision kandidatlara we protestçilere zulum-sütem edilmegi ýazgarylýar.

Halkara gözegçileri we günbatar hökümetleri aldawçylyga ýüz uruldy diýip, bu saýlawy tankytladylar. Şol sebäpden tekstde saýlawyň erkin we adalatly ýagdaýda täzeden geçirilmegi talap edilýär.

Ykdysady we syýasy urgular

Taslamada talap edilýän zatlaryň ýene biri ýokary derejeli belarus resmileriniň garșysyna wiza gadagançylygynyň täzeden dowam etdirilmegidir. Bu gadagançylyk soňky repressiýalara göniden-göni gatnaşan adamlary hem öz içine almaly.

Ýewropanyň birleşen çepçiler konfederal toparynyň çep ganaty wiza gadagançylygy barada ilki meýilsiz görünse-de, soňra rezolýusiýany goldaýandygyny bildirdi.

Ýewropanyň liberallarynyň we demokratlarynyň alýansynyň we Ýewropanyň Halk partiýasynyň islegi boýunça tekste Lukaşenkonyň režimine garşy ykdysady urgularyň dürli formalary-da girizildi.

Taslamada belarus hökümetiniň eýeçiligindäki kompaniýalaryň garşysyna ýörite sanksiýalaryň girizilmegi talap edilýär. Şeýle hem “Halkara walýuta fondy tarapyndan üpjün edilýän makro maliýe kömegi we Ýewropanyň maýa goýum bankynyň kredit işleri doňdurylmaly” diýilýär.

“Berk rezolýusiýa”

“Bu bir berk rezolýusiýa. Biz çyndan hem aladalanýarys. Indi ýagdaý ýetjek derejesine ýetdi. Biz režimiň üýtgedilmegini isleýäris” diýip, Ýewropa Parlamentiniň estoniýaly agzasy Kristiina Ojuland aýdýar.

Tekstde Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Minskde belarus häkimiýetleri tarapyndan ýapylan býurosynyň gaýtadan açylmagyna hem çagyrylýar.

Ýurtda graždan jemgyýetini goldamagyň hem aladasy edilýär. Mysal üçin, “protestlere gatnaşanlygy sebäpli uniwersitetlerden kowlan belarus stundentlerine Wilnýusda ýerleşýän Ýewropanyň Gumanitar uniwersitetine girmäge köpräk stipendiýa berilmeli” diýilýär.

Öten hepde parlamentiň Daşary işler komiteti Brýusseli Minsk baradaky syýasatyny üýtgetmeklige çagyrdy. Bu hepde hem bu barada çekişme we ses berişlik geçýär.

Ýewropa parlamenti tarapyndan kabul ediler diýip garaşylýan häzirki rezolýusiýa simwolik ähmiýete eýe. Ýöne onuň Ýewropa Bileleşiginiň beýleki guramalarynyň Minsk bilen gatnaşyklaryny üýtgetmeklerine getirmegi mümkin. Mysal üçin, 31-nji ýanwarda Bileleşigiň daşary işler ministrleri wiza gadagançylygy barada belli bir karara geler diýip garaşylýar.

Häzir wiza gadagançylygy baradaky sanawda 34 belarus resmisiniň ady bar. Brýussel 2006-njy ýylda girizilen gadagançylygy, Lukaşenko demokratik reformalaryň peýdalydygyny görkezmek üçin, 2008-nji ýylda wagtlaýynça togtadypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG