Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan WTO girermi?


G.Töräýew: "WTO guramasyna agza bolamak üçin öňe sürülýän söwdada aç-açanlyk syýasatyny türkmen hökümeti goldamaz".

G.Töräýew: "WTO guramasyna agza bolamak üçin öňe sürülýän söwdada aç-açanlyk syýasatyny türkmen hökümeti goldamaz".

Ýakynda Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Žoze Manuel Barroso Türkmenistany WTO (Bütindünýä Söwda Guramasyna) agza bolmaga çagyrdy.

Köp bilermenleriň bellemegine görä, bu çakylyk türkmen tarapynda kän bir gyzyklanma döretmedi. Ony prezident Berdimuhamedowyň Barroso bilen duşuşygynyň soňunda sözlän sözündenem aňyp bolýardy. Türkmen metbugaty hem WTO guramasyna girmek hakynda edilen çakylyk barada kän zat aýdanok. Ýogsa, bu çakylyk belli bir derejede Berdimuhamedowyň daşary syýasatda gazanan üstünligi diýse bolar.

Russiýa Federasiýasy ýaly döwletler 15 ýyl bäri WTO guramasyna agza bolup bilmän gelýärler. Oňa agza bolmaga köp döwletler ymtylýar. Häzirki gün bu guramanyň 153 agzasy bar. Olaryň arasynda öňki SSSR-e giren döwletlerden Gyrgyzystan, Gürjüstan, Ukraina, Moldowa, Ermenistan, Litwa, Latwiýa, Estoniýa we agza bolmak üçin arza berenleriň arasynda Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Belarus, Täjigistan, Azerbaýjan bar. Türkmenistan häzirki güne çenli bu gurama goşulmak üçin arza berenok.

WTO guramasy harby gurama däl, ol halkara söwda ýollaryny kadalaşdyrýan gurama. Onda bu gurama girmäge Türkmenistana näme päsgelçilik berýär? Onuň jogabyna geçmezden, ilki WTO guramasyna we onuň işine syn edeliň.

1979-1982-nji ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň pese gaçmagy we nebitiň bazar bahasynyň ýokary galmagy bilen GATT-a (Bahalar we söwda boýunça Baş ylalaşyk) guramasyna girýän döwletler öz ykdysadyýetleri boýunça proteksion syýasaty ýöretmäge başlaýarlar. Şondan soň halkara söwda gatnaşyklarynda gapma-garşylyklar ýüze çykyp başlaýar. Ine, şu problemalary aradan aýyrmak üçin hem gepleşikler geçirilýär we netijede WTO döredilýär.

WTO 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ykrar edilýär. Onuň ýerleşýän ýeri Şweýsariýanyň Ženewa şäheri. Bu gurama 1986-1994-nji ýyllarda geçirilen Urugwaý gepleşikleri netijesinde ykrar edilýär. WTO 1947-nji ýyldan bäri hereket edip gelen GATT guramasynyň işini dowam etdirýär.

WTO-nyň baş düzgünleri:

- Söwdada has amatly ýollara mümkinçilik döretmek;
- Harytlara we daşary ýurt hyzmatlarynyň döremegine, taraplaýyn milli ýollara (düzgüne) mümkinçilik bermek;
- Söwdadaky bahalary tertibe salmak;
- Möçber we beýleki çäklendirmeleri ulanmakdan boýun gaçyrmak;
- Söwda syýasatynda aç-açanlyk;
- Söwda jedellerinde maslahat we gepleşik geçirmek ýollaryna rugsat etmek.


Mundan başga-da bu gurama agza bolan ýurtlar intellektual eýeçilik baradaky ylalaşygy doly ýerine ýetirmeli.

Şu ýokardaky aýdylan düzgünler hem WTO guramasynda agza bolmaga Türkmenistana päsgel berýär. Ýagny:

1. Türkmenistan ykdysadyýetiniň 90%-ni subsidiýada saklaýar. Gazy, elektrik energiýasyny ilata mugt berýär, ulagy bolan ýerli raýatlara ýyllyk 300$ amerikan dollaryna barabara benzin talonlary mugt berilýär, çörek we beýleki önümleriň bahasyny döwlet kesgitleýär;
2. Intellektual eýeçilik ret edilýär;
3. Korrupsiýa çakdanașa ýokary;
4. Döwletiň ykdysady syýasatyň üýtgemeginiň halkyň jemgyýetçilik durmuşyna pozitiw täsir etmek we has köp erkinlik döretmek potensialy.


Türkmenistan baryp 90-njy ýyllardan bäri öz ykdysadyýetini adaty planlaşdyryş sistemasy arkaly ýöredýär. Saparmyrat Nyýazow döwründe başlan paternalistik syýasatdan, ýangyç önümleriniň mugt berilmeginden Berdimuhamedowyň hökümeti el çekmez we ony dowam eder. strategik harytlaryň bahalaryna döwlet tarapyndan gözegçilik edilmegi, ilki bilen iri çinownikleriň bähbidine. Olar gözegçilik funksiýalaryny ellerinden beresleri gelmez. Onsoňam prezident saýlawlaryna bir ýyl galanda ykdysadyýetde planlaşdyryş sistemasynyň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilmegi hökümet üçin real syýasat däl.

Türkmenistanda intellektual eýeçiligi ilki bilen döwlet strukturalary inkär edýär. Türkmen telewideniýesi daşary ýurt wideo önümlerini rugsatnama almazdan efirde ulanýar. Daşary ýurt sazlaryndan ogurlanyp saz düzülip aýdylýan ýaş türkmen aýdymçylarynyň wideoýazgylarynyň telewideniýe boýunça görkezilmegi – munuň aýdyň subutnamasydyr.

Korrupsiýa barada halkara metbugatynda köp maglumatlar ýaýradylýar. Türkmenistanyň ýaramaz sanawlaryň ilkinji hatarlarynda durmagy hem korrupsiýanyň çäksiz ösendiginiň subutnamasydyr. Eger Türkmenistan WTO guramasyna girjek bolsa, bu ýagdaýa üns bermeli bolar. Sebäbi WTO guramasyna agza bolandan soň, Türkmenistan bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň doly gatnaşyklara girişmegi döwlet strukturalarynda korrupsiýanyň açyk hereket edýänligini dünýä aýan eder. Bu hem ilki bilen türkmen hökümetiniň dünýä arenasyndaky abraýyny gaçyrar. Şol sebäpli WTO guramasyna agza bolamak üçin öňe sürülýän söwdada aç-açanlyk syýasatyny Berdimuhamedowyň hökümeti goldamaz.

WTO guramasyna agza bolan ýurtlarda ykdysady ösüş bilen birlikde syýasy öňegidilşlikler hem bolup geçýär. Şol ýurtlaryň halklary söwda ýollary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolýarlar. Bu hem olaryň dünýägaraýşyna-da uly täsir edýär. Az wagtyň içinde ýurtda orta gatlak döräp başlaýar. Bu gatlak hem döwletiň ykdysady we syýasy ösüşine uly itergi bolýar.

Şu ýagdaýlara üns berseň, türkmen hökümetiniň WTO girmek baradaky edilen çagyryșdan peýdalanmajakdygy öz-özünden düșnükli bolýar duruberýär! Sebäbi Türkmenistanyň häzirki hökümet syýasaty ýurtda orta gürpdäki adamlaryň, ýagny barly toparlaryň döremegine ugrukdyrylan däl. Häkimiýetler muny isläbem baranok. Şonuň üçinem Türkmenistan Ýewropanyň WTO guramasyna girmek hakyndaky çakylygyny jogapsyz goýar.

Gurbangeldi Töräýew aşgabatly intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Bu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG