Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan parlamentiniň inagurasiýasy gaýra süýşürildi


Owganystanyň täze parlamentiniň inagurasiýasy 22-nji fewrala çenli gaýra süýşürildi. Bu barada çarşenbe güni owgan prezidentiniň diwany habar berdi.

Owganystanda geçen ýyl geçirilen parlament saýlawlary bilen bagly bidüzgünçiliklere garaýan ýörite sud prezdent Hamid Karzaýden degişli derňewler tamamlanýança täze parlamentiň inagurasiýasyny gaýra süýşürmegi sorapdy.

22-nji sentýabrda geçirlen parlament saýlawlarynda köp sanly bidüzgünçiliklere ýol berlendigi aýdylýar. Saýlaw resmileri 24 sany saýlaw uçastogyndaky dalaşgärleriň ýeňişini ykrar etmändi. Şeýle-de 5 milliondan gowrak sesleriň dörtden biri güýçsüz hasaplanypdy.

Bu karardan öň Owganystandaky täze parlamentiň açylyş dabarasyny 23-nji ýanwarda geçirmek göz öňünde tutulýardy.
XS
SM
MD
LG