Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Yrakdaky hüjümde 12 adam öldi, 50 adam ýaralandy


Çarşenbe güni Yrakda janyndan geçen hüjümçiniň özüni partlatmagy netijesinde 12 adam öldi, 50-ä golaý adam ýaralandy.

Resmileriň aýtmagyna görä, hüjümçi partlaýjy serişde ýüklenen tiz kömek ulagyny Bakuba şäherindäki polisiýanyň türgenleşik merkezine baryp urupdyr.

Bu waka soňky günleriň dowamynda janyndan geçen hüjümçileriň Yragyň howpsuzlyk güýçlerine garşy amala aşyran ikinji hüjümidir.

Sişenbe güni Tikrit şäherinde amala aşyrlan hüjümde polisiýa iş arzasyny bermek üçin nobata duran 50-den gowrak adam ölüp, 150 töweregi adam ýaralanypdy.
XS
SM
MD
LG