Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaitiniň öňki diktatory korrupsiýada günäkärlenýär


Gaitiniň prokurorlary ýurda 15 ýyllap prezidentlik eden Žan Klod Dýuwalýere korrupsiýada we döwlet serişdelerini öz hasabyna geçirmekde aýyplama bildirdiler. Indi bu aýyplamalara ýurduň sudy garar.

Žan Klod Dýuwalýer sişenbe güni tussag edilipdi. Bu tussag edişlik onuň 24 ýyldan soň ýurda dolanmagyndan iki gün geçenden soň amala aşyryldy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar Dýuwalýere onuň 1971-1986-njy ýyllar aralygynda ýurda baştutanlyk eden döwründe müňlerçe adamyň gyrgyna berilmegi bilen bagly hem aýyplama bildirilmeli diýýärler.
XS
SM
MD
LG