Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aljirde bir zenan protest hökmünde özüni otlady


Çarşenbe güni Aljirde bir zenan özüni otlady. Bu eýýäm Aljirde bir hepdäniň dowamynda özüni oda beren altynjy adamdyr.

Bu aksiýalar ýurtdaky bahalaryň galmagyna we işsizlige köpçüligiň ünsüni çekmek üçin amala aşyrylýar.

Adamlaryň özlerini otlamagy geçen ýylyň dekabrynda Tunisde 26 ýaşly oglanyň özüni oda bermeginden soň ýüz berip başlady. Şol wakadan soň Tunisde giň-gerimli protestler başlapdy.

Şol protestler netijesinde Tunise 23 ýyllap prezidentik eden Zine el-Abidine Ben Ali ýurdy terk etmäge mejbur bolupdy.
XS
SM
MD
LG