Sepleriň elýeterliligi

HHR-niň prezidentiniň Waşingtona sapary dowam edýär


HHR-niň başlygy Hu Jintao ýurtda adam hukuklary bilen bagly ýagdaýy gowulandyrmak üçin ýene-de köp tagallalaryň gerekdigini boýun aldy.

Hu bu barasynda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen gepleşiklerden soň Waşingtonda bolan metbugat konferensiýada aýtdy.

Amerikan lideri ABŞ-nyň hem, Hytaýyň hem geljekki üstünlikleri olaryň birek-birek bilen hyzmatdaşlygyna bagly bolar diýdi.

Obama käbir meselelerde, şol sanda adam hukuklary boýunça ylalaşmazlyklaryň bardygyna garamazdan iki ýurt arasyndaky gatnaşyklaryň ösmelidigini belledi.

Obama hytaý puly ýuanynyň kursuny mundan beýläk kadalaşdyrmagyň zerurdygyny belledi. Waşington ony emeli usulda peseldilen diýip, hasap edýär.

Hu Jintaonyň ABŞ-a saparynyň dowamynda 45 milliard dollarlyk bilelikdäki ylalaşyklara gol çekiljekdigi yglan edildi.
XS
SM
MD
LG