Sepleriň elýeterliligi

Tunisde Ben Aliniň 30-dan gowrak garyndaşy saklandy


Ýerli habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Tunisde häkimiýetden agdarylan Ben Aliniň 30-dan gowrak garyndaşy saklanypdyr.

Öňki prezidentiň garyndaşlarynyň ýurtdan çykyp gaçmaga synanyşan wagty saklanandygy habar berilýär.

Ben Ali Saud Arabystanyna gaçandan soň düzülen täze hökümetiň türmelerden ähli syýasy tussaglary düýn boşadandygy belli boldy.

Tunisiň wagtlaýyn prezidenti Faud Mebazaa graždanlara telewideniýe arkaly eden ýüzlenmesinde geçmiş bilen ymykly ara açmagy, sud organlarynyň kadaly işini dikeltmegi, söz azatlygyny wada berdi.
XS
SM
MD
LG