Sepleriň elýeterliligi

Owgan prezidentiniň Moskwa sapary başlanýar


Şu gün Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň Moskwa sapary başlanýar.

Karzaý bilen bilelikde Owganystanyň maliýe, söwda, goranmak, içeri we daşary işler ministrleriniň, ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň we 30-dan gowrak telekeçiniň Orsýete gelendigi habar berilýär.

Owgan tarapy ençeme uly proýekti, şol sanda sowet spesialistleriniň gatnaşmagynda Owganystanda gurlan obýektleri dikeltmäge we olaryň durkuny täzelemäge Orsýetiň gatnaşmagy meselesini maslahatlaşmagy planlaşdyrýar.
XS
SM
MD
LG