Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran-owgan serhedinde üsti ýangyçly ulaglar saklanýar


Eýran özüniň Owganystan bilen serhedinde üsti ýangyçly 160 ýük maşynynyň saklanýandygyny tassyklady.

Eýran häkimiýetleriniň görkezmesi bilen şol maşynlaryň goňşy ýurda geçmesi dekabr aýynda gadagan edilipdi.

Eýranyň Kabuldaky ilçihanasynyň beýannamasyndan belli bolşuna görä, şol ýangyjyň nähili ulanyljakdygy barasynda owgan tarapy takyk maglumat beripdir.

Mundan öň Tähranda Eýranyň üsti bilen Owganystana daşalýan ýükler owganlaryň özi üçin däl-de, bu ýurtdaky daşary ýurt harbylary üçindir diýen çaklama bardy.

Şol bir wagtda owgan ýolbaşçylary serhetde bir ýarym müň maşynyň saklanyp durandygyny, şolaryň diňe 30 prosentiniň rugsat alandygyny tassyklaýar.
XS
SM
MD
LG