Sepleriň elýeterliligi

Täze owgan parlamentiniň işi bir aý yza süýşürildi


Täze owgan parlamentiniň işe başlamaly wagty bir aý yza süýşürildi.

Sonky geçirilen parlament saýlawlarynda düzgün bozmalary derňeýän ýörite tribunalyň haýyşy bilen ýurduň prezidenti şeýle karar kabul etdi.

Düýn Tribunalyň baştutany Sadykulla Hakyk birnäçe deputatyň saýlanyşynda düzgün bozmalar baradaky informasiýalary derňemek üçin goşmaça wagtyň gerekdigini aýtdy.

Mundan öň saýlaw komissiýasy galplyklar bilen bagly 24 kandidatyň ýeňşini hem bäş million býulleteniň dörtden birini ýok etdi.

Öň täze saýlanan parlamentiň ilkinji mejlisi 23-nji ýanwara bellenipdi. Indi ol 22-nji fewralda açylar.

Karzaýyň çykaran bu karary bilen owgan syýasatçylarynyň hemmesi ylalaşmaýar.
XS
SM
MD
LG