Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň IIM-niň general-leýtenanty saklandy


Orsýetiň Içeri işler ministrliginiň general-leýtenanty Aleksandr Bobkow Moskwada saklandy, oňa 46 million dollar ogurlamakda şübhe bildirilýär.

“GDA ýurtlarynda guramaçylykly jenaýata garşy göreşi koordinirleýji býuronyň saklanan başlygy bilen bagly “Kezzaplyk” maddasy boýunça jenaýat işi gozgaldy” diýip, Derňew komitetiniň resmisi Wladimir Markin aýtdy.

Orsýetiň güýç ulanyjy gurluşlarynyň şeýle ýokary derejeli wekillerinden soňky ýyllar iki adam saklanypdy.
XS
SM
MD
LG