Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorkda Belarus bilen bagly aksiýa geçirildi


Halkara günä geçiş guramasy – “Amnesty International” - Belarusyň “Azat teatrynyň” artistleri bilen bilelikde Nýu-Ýorkda jemgyýetçilik aksiýasyny gurnady.

Belarusyň hemişelik wekilhanasynyň jaýynyň öňüne ýygnananlar graždan aktiwistlerini, oppozisionerleri we garaşsyz žurnalistleri yzarlamagy bes etmäge Minski çagyrdylar.

Düýn ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýokary derejeli wekili Katrin Aşton ýakynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy aksiýalaryň gidişinde saklananlaryň ählisi boşadylmasa, belarus çinowniklerine, şol sanda prezident Aleksandr Lukaşenko ÝB-e gelmegiň ikinji gezek gadagan edilmeginiň mümkindigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG