Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Belarusa garşy bilelikde hereket etmäge çagyrýar


ABŞ-nyň belli senatorlarynyň birnäçesi ABŞ bilen Ýewropa Bileleşigini Belarusdaky prezident saýlawlaryndan soňky protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagyna garşy bilelikde berk jogap bermäge çagyrdy.

Bu çagyryş ÝB-niň daşary syýasat boýunça baş wekili Katerin Aştona Birleşen Ştatlaryň alty senatorynyň, şol sanda Josef Libermanyň, Jon MakKeiniň we Riçard Lugaryň gol goýup ugradan hatynda aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna aýan edilen bu hatda adam hukuklarynyň bozulmagyna, saýlaw sesleriniň galplaşdyrylmagyna, şeýle-de 19-njy dekabardaky prezidentlik saýlawlaryna kandidat hökmünde gatnaşan oppozision kandidatlaryň we partiýa ýolbaşçylarynyň saýlawlardan soň yzarlanmagyna dahyllylykda gümän edilýän Lukaşenko we beýleki belarus resmilerine garşy geçiriljek transatlantik çäreleriň “örän real we çynlakaý netije berýän” bolmalydygy nygtalýar.

Şu gün Strasburgda kabul edilen rezolýusiýada Ýewropa Parlamenti Belarusdaky protestleriň basylyp ýatyrylmagyny ýazgaryp, Belarus häkimiýetlerini täzeden “açyk we demokratik” saýlawlary geçirmäge çagyrdy.
XS
SM
MD
LG