Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Gahrymany Rozmetow aradan çykdy


Türkmenistanyň Gahrymany Sadulla Rozmetow uzaga çeken agyr keselden soň, 20-nji ýanwarda 90 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mediasy habar berýär.

Sadulla Rozmetowa Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow tarapyndan Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary sylag berlipdi we Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Nyýazow adyndaky etrabyň daýhan birleşikleriniň birine onuň ady dakylypdy.

Sadulla Rozmetow türkmen ideologiýasynyň ideallaşdyran oba hojalyk işgäri hökmünde suratlandyrylan şahsyýetdir.

Türkmenistanyň Gahrymany diýen iň ýokary sylagdan başga, ol Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at bilen, «Garaşsyzlyk», «Prezidentiň ýyldyzy», III derejeli «Altyn asyr» ordenleri we başga-da birnäçe döwlet sylaglary bilen sylaglanypdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady aýatda diňe iki adam göterýär. Olaryň biri oba hojalyk işgäri Myratberdi Sopyýew, beýlekisi bolsa sungat işgäri Maýa Kulyýewadyr.
XS
SM
MD
LG