Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz mugallymlary wada ynananoklar


Geçen ýylyň ahyrynda Gyrgyzystanyň mugallymlary iş haklarynynyň galdyrylmagyny talap edip, närazylyk aksiýalaryna çykypdylar.

Geçen ýylyň ahyrynda Gyrgyzystanyň mugallymlary iş haklarynynyň galdyrylmagyny talap edip, närazylyk aksiýalaryna çykypdylar.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew 1-nji maýdan mugallymlaryň, medisina we medeniýet işgärleriniň iş haklarynyň galdyryljakdygyny yglan etdi. Mugallymlar bolsa bu hakda karar kabul edilip, prezident gol goýýança närazylyk aksiýalaryny dowam etdirjekdiklerini aýdýarlar.

Gyrgyzystanyň premýer-ministri Almazbek Atambaýew
Geçen ýylyň ahyrynda Gyrgyzystanyň mugallymlary iş haklarynynyň galdyrylmagyny talap edip, närazylyk aksiýalaryna çykypdylar. Olar hökümete wagt berip, eger-de täze ýyldan mugallymlaryň iş haky galdyrylmasa, bütin respublika boýunça iş taşlajakdyklaryny mälim edipdiler.

Çarşenbe güni premýer-ministr Almazbek Atambaýew 1-nji maýdan olaryň aýlyklarynyň 2,5-3 esse ýokarlandyryljakdygyny aýtdy. Şeýlelikde ýokary bilimli mugallym häzir 2,810 som, ýagny 60 amerikan dollary möçberinde aýlyk alýan bolsa, 1-nji maýdan 7,881 som, ýagny 180 amerikan dollary çemesi aýlyk alar.

Emma mugallymlar premýeriň sözlerine kän bir ynanmaýarlar. Jalalabat welaýatynyň Bazar-Korgon etrabynyň mekdepleriniň biriniň mugallymy Halyl Garabaýew şeýle diýýär: “Maý aýyndan diýip, bizi ynandyryp, soň awgustdan ýa-da sentýabrdan diýmekleri mümkin. Iş hakymyzyn ýokarlandyrylandygy barada prezidentiň gol çeken kararyny görmesek, biz ynanmarys”.

Lukmanlar hem närazy

Mugallymlaryň närazylyk aksiýalaryndan soň medisina işgärleri-de şeýle talap bilen çykyș etdiler. Resmi maglumatlara görä, geçen ýylyň 9 aýynyň dowamynda iş hakynyň azlygyndan bu pudakda işlän 744 adam işinden boşap, beýleki pudaklara, 50 sanysy daşary ýurtlara işe gidipdir.

Gyrgyzystanyň saglygy goraýyş ministri Sabyrbaý Jumabekowyň sözlerine görä, häzir ýokary kwalifikasiýaly lukmanlar 1,877 som, ýagny 40 amerikan dollary töweregi iş haky alýan bolsalar, reformadan soň olar 10,000 som, ýagny 200-250 amerikan dollar çemesi aýlyk alarlar. Medeniýet, bedenterbiýe we sport pudagynyň işgärleriniň iş haky hem 2,5-3 esse ýokarlandyrylar.

Premýer-ministr Atambaýew şeýle diýýär: “Häzirlikçe 10 mlrd. somy içki harajatlardan tapdyk. Pul hakykatdan hem bar. Şeýle-de köp pudaklarda heniz işläp çykylmadyk, girdejisi döwletiň gaznasyna däl, eýse fiziki şahslaryn jübüsine düşýän harajatlar bar. Şol harajatlary-da tapyp almaly bolarys. Biziň üçin möhüm meseleleriň biri halkyň durmuş derejesini gowulandyrmak”.

Şeýle-de Gyrgyzystanda şu ýylyň 1-nji sentýabryndan býujetden aýlyk alýan ähli işgärleriň aýlygy azyndan 2,5 müň soma, ýagny 60 amerikan dollaryna çenli ýokarlandyrylar. Şondan soň pensiýa, stipendiýa we komek pullaryny galdyrmak hem göz öňünde tutulýar.
XS
SM
MD
LG